Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynda üçünji aýlawyň duşuşyklaryna badalga berildi

09:5808.11.2022
0
15857
Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynda üçünji aýlawyň duşuşyklaryna badalga berildi

7-nji noýabrda Mary şäherinde ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň 15-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Bu barada TFF habar berdi.

Bu tapgyryň duşuşyklarynda “Köpetdag”, “Deňizçi”, “Gümrükçi” hem-de “Senagatbank” toparlary garşydaşlaryndan üstün çykdylar.

Ýaryş tertibinde öňdäki üç orny “Köpetdag”, “Deňizçi” hem-de “Gümrükçi” toparlary eýeleýärler.

Ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynda baş baýrak ugrunda sekiz toparyň (“Köpetdag”, “Gümrükçi”, “Senagatbank, “Milli goşun” (hemmesi Aşgabat şäheri), “Ahal” (Ahal welaýaty), “Daşoguz” (Daşoguz welaýaty), “Deňizçi”, TNGIZT (Balkan welaýaty) bäsleşýändigini ýatladýarys.

Naýbaşy futzal ligasynyň 16-njy tapgyrynyň duşuşyklary 8-nji noýabrda geçiriler: “Daşoguz” – “Milli goşun”, “Ahal” – “Gümrükçi”, TNGIZT – “Senagatbank”, “Deňizçi” – “Köpetdag”.

Çempionatyň 15-nji, 16-njy, 17-nji hem-de 18-nji tapgyrynyň duşuşyklarynyň 7-11-nji noýabr aralygynda Mary şäherinde geçirilýändigini ýatladýarys.

15-nji tapgyryň netijeleri:
“Köpetdag” – “Ahal” – 6:1
“Senagatbank” – “Milli goşun” – 2:1
“Gümrükçi” – TNGIZT – 7:0
“Deňizçi” – “Daşoguz” – 4:0

Ýaryş tertipnamasy:

T/b TOPARLAR O Ý D U GEÇ-TOP U
1. “Köpetdag” 15 12 3 0 83-28 39
2. “Deňizçi” 15 12 3 0 75-17 39
3. “Gümrükçi” 15 9 3 3 64-40 30
4. “Senagatbank” 15 8 2 5 43-36 26
5. “Daşoguz” 15 4 2 9 54-80 14
6. TNGIZT 15 4 0 11 35-62 12
7. “Milli goşun” 15 2 1 12 36-69 7
8. “Ahal” 15 2 0 13 31-89 6
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň