Soňky habarlar

Arhiw

2024-nji ýyl Türki döwletleriň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edildi

23:5507.11.2022
0
13483

Türkiýäniň Bursa şäherinde TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisi geçirildi. Mejlisde gelnen çözgüde laýyklykda, 2024-nji ýyl Türki döwletleriň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edildi. Jemleýji Beýannama türkmen tarapyndan Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow gol çekdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede bellemek hakynda degişli Karara gol çekdi we ýörite guramaçylyk topary döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň