Turkmenportal logo
06.11.22
3272432724
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Änew 2024-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi
Änew 2024-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň Änew şäheri 2024-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Degişli çözgüt TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministleriniň hemişelik geňeşiniň Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen 39-njy mejlisinde biragyzdan kabul edildi. Bu barada «Anadolu Ajansi» habarlar agentligi habar berýär. TÜRKSOÝ-yň mejlisine Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.


Änew şäheri Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolup, ol paýtagt Aşgabatdan 8 kilometr gündogarda ýerleşýär. Arheologik maglumatlar Änew şäheriniň eneolit döwründe — biziň eramyzdan öňki IV—III müňýyllyklarda peýda bolandygyna şaýatlyk edýär.


2005-nji ýylda Änew ençeme gadymy tapyndylary özünde jemleýän «Ak bugdaý» Milli muzeýi döredildi.

Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylda Azerbaýjanyň Şuşa şäheri Türki dünýäniň medeni paýtagty bolar. Änewden ozal Türkmenistanyň şäherleriniň arasynda Mary şäheri 2015-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýen derejä eýe bolupdy.