Soňky habarlar

Arhiw

Putin Serdar Berdimuhammedow bilen hoşniýetli şahsy gatnaşyklarynyň ösýändigini belledi

19:1203.11.2022
0
25275

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdymuhamedow bilen duşuşygynda Serdar Berdimuhammedow bilen hoşniýetli şahsy gatnaşyklarynyň ösýändigini belledi. Bu barada «РИА Новости» habar berdi.

«Iki ýurduň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň ösmegine Siziň uly itergi berendigiňizi, döwletara hyzmatdaşlygymyzyň işjeň ösýändigini, ýurduň Prezidentiniň täzelenendigine garamazdan bu gatnaşyklaryň peselmändigini aýtmak isleýärin» - diýip Wladimir Putin belledi.

Rus lideri şu gün Gurbanguly Berdimuhamedowy IV derejeli «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglady.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Moskwa şäherinde 3 günlük iş sapary dowam edýär. Onuň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federal Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen geçirilen duşuşygynda parlamentara hyzmatdaşlyk komissiýasyny döretmek baradaky şertnama gol çekilendigini bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň