Arhiw

Türkmenistanyň ýetginjek zenan futbolçylarynyň Aziýanyň kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy

14:2803.11.2022
0
12876

Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjeklerden düzülen zenanlar ýygyndysy (U17) Aziýa Kubogy – 2024-iň saýlama tapgyrynda «D» toparçada çykyş etmäge mümkinçilik aldy. Şu gün geçirilen bije çekişligiň netijesinde ýurdumyzyň ýetginjekler ýygyndysynyň garşydaşlary Bangladeşiň, Singapuryň hem-de BAE-niň ýygyndy toparlary boldular.

Saýlama tapgyryň birinji aýlawynyň duşuşyklary 2023-nji ýylyň 22-30-njy aprelinde geçiriler. Bu toparçanyň duşuşyklarynyň merkezleşdirilen görnüşinde Singapurda geçirilmegine garaşylýar.

Saýlama tapgyrynyň «A», «B», «C», «E», «F», «G» hem-de «H» toparçalarynyň duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşinde Taýlandda, Mongoliýada, Wýetnamda, Täjigistanda, Gyrgyz Respublikasynda, Guamda hem-de Iordaniýada geçiriler. Birinji aýlawyň jemi boýunça öz toparçalaryny birinji hatarda tamamlan ýygyndy toparlaryň 8-si ikinji aýlawda güýç synanyşmaga mümkinçilik alarlar. Ikinji aýlawyň duşuşyklary 2023-nji ýylyň 16 — 24-nji sentýabr aralygynda yklym ýaryşynyň final böleginiň geçirilýän ýeri bolan Indoneziýada geçiriler. Ikinji aýlawyň jemi boýunça netijeli çykyş eden ýygyndy toparlaryň dördüsi Aziýa Kubogynyň final böleginde çykyş ederler.

Ýaponiýanyň, Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň hem-de Hytaýyň ýygyndy toparlary Yklym ýaryşynyň final bölegine saýlama tapgyryna gatnaşmazdan çykyş ederler. Şeýle-de, bu sanawa Aziýa Kubogyny guraýjy Indoneziýanyň ýygyndy topary hem goşuldy.

17 ýaşa çenli gyzlardan düzülen ýygyndy toparlaryň gatnaşmagyndaky Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2024-nji ýylda Indoneziýada geçirmeklik meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň