Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Rus drama teatrynyň taslamasynyň we gurluşygynyň üstünde işlenilýär

18:4002.11.2022
0
32745

Habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň umumy mejlisinde maksatnamalaýyn çykyş etdi hem-de Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynda duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda «Medeniýetiň, sungatyň, ylmyň, bilimiň üsti bilen biz hyzmatdaşlygymyzyň strategiýasyny we mazmunyny baýlaşdyryp bileris» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda rus dilinde bilim berýän onlarça mekdebiň bardygy, A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus mekdebiniň hereket edýändigi, rus diliniň ähli orta we ýokary okuw mekdeplerinde okadylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.​

Häzirki wagtda Aşgabatda Rus drama teatrynyň taslamasynyň we gurluşygynyň üstünde işlenilýär, Türkmen-rus uniwersitetini döretmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.​

Türkmenistanda rus diline, edebiýatyna, rus halkynyň medeni we ruhy gymmatlyklaryna uly hormat goýulýandygyny aýratyn bellemek isleýärin diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň