«Match TV» DÇ-2022-niň ähli oýunlaryny göni ýaýlymda görkezer

14:1302.11.2022
0
21379

«Match TV» sport teleýaýlymy Katarda geçiriljek futbol boýunça 2022-nji ýylky Dünýä çempionatynyň duşuşyklaryny Russiýanyň çäginde göni ýaýlyma bermäge hukuk gazandy. Bu barada teleýaýlymyň resmi web saýtynda habar berilýär.

Şeýlelikde, «Match TV» Russiýanyň çäginde DÇ-2022-niň ähli oýunlaryny göni ýaýlymda görkezjek teleýaýlyma öwrüldi. Ýaryşyň meýilnamasyndan orun alan 64 duşuşygyň ählisi «Match» toplumyna girýän teleýaýlymlarda göni ýaýlym arkaly görkeziler.

Teleýaýlymda görkeziljek DÇ-2022-niň oýunlary ozaldan janköýerlere tanyş bolan futbol synçylary tarapyndan teswirleniler.

Ýeri gelende bellesek, türkmenistanlylaryň müňlerçesi IPTV ulgamy arkaly «Match TV-de» görkeziljek mundialyň oýunlaryna göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler.

Ýatladyp geçsek, Dünýä çempionatynyň oýunlary 20-nji noýabrda badalga alyp, 18-nji dekabrda tamamlanar.

Ýaryşyň açylyş oýny 20-nji noýabrda Aşgabat wagty bilen 21:00-da ýer eýesi Kataryň hem-de Ekwadoryň milli ýygyndylarynyň arasynda geçiriler.

Bäsleşigiň final oýny Lusail şäherindäki 80 müň janköýere niýetlenen Milli stadionda bolup geçer. Katarda geçirilýän Dünýä çempionatynyň arap ýurtlarynda hem-de musulman dünýäsinde guralýan ilkinji mundialdygyny bellemek gerek. Bu gezekki Dünýä çempionatyna hem adatdaky bolşy ýaly 32 ýurduň milli ýygyndysy gatnaşýar.

Häzirki wagtda futbol boýunça dünýä çempiony Fransiýanyň milli ýygyndysy bolup dur.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň