Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyplary arap dili boýunça VI Talyplar olimpiadasynda baýrakly orunlary eýelediler

18:0201.11.2022
0
29910

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iki talyby Kazan (Priwožsk) federal uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary institutynyň (Kazan ş. Russiýa) guran arap dili boýunça VI Talyplar olimpiadasynda baýrakly orunlara mynasyp boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Has takygy, olimpiadanyň sözleýiş bäsleşiginiň netijesi boýunça bu institutyň gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby Ahmet Mahmudow ikinji, şol fakultetiň ýene bir talyby Muhammet Osmanow üçünji orny eýelediler.

Talyplar bäsleşige onlaýn görnüşde gatnaşdylar.

Olimpiadada türkmen talyplarynyň arap dilini oňat bilýändikleri nygtalyp, emin agzalary olaryň dil bilşine ýokary baha berdiler. Şu ugurdan bary-ýogy bäş baýrakly orun eýelänler we üç ýeňiji yglan edildi.

Olimpiada GDA ýurtlarynyň ýokary okuw mekdeplerinde arap dilini daşary ýurt dili hökmünde öwrenýän talyplar gatnaşdylar.

Onda gatnaşyjylar sinhron terjime, gürlemek, terjime, şahyrana bäsleşik we esse bäsleşigi ýaly bäş ugur boýunça bäsleşdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň