Hytaýyň ýaşaýjysy lotereýa oýnunda 30 million amerikan dollaryny utandygyny aýalyndan hem-de oglundan gizlin saklaýar diýip, «Asia One» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Erkek kişi utan pullarynyň olary ýalta hem-de ulumsy etjekdigi barada biynjalyk bolýar diýlip, habarda aýdylýar.
Li familiýaly bagtly utuşyň eýesi dabaraly ýagdaýda utuşyny alandan soňra onuň bir bölegini haýyr-sahawat gaznasyna geçirdi. Oňa öz haýyşy boýunça gizlin galdyrmak üçin mutlfilmiň gahrymanlarynyň biriniň eşigini geýindirdiler.
«Men öz utuşym hakynda aýalyma hem-de ogluma aýtmadym. Men olar özlerini hondanbärsi alyp bararlar we yhlasly zähmet çekmekden ýüz öwrerler öýdüp aladalanýaryn» diýip, Li düşündirýär.
Ol şeýle-de lotereýa petegini satyn alanda, lomaý utuş gazanaryn diýip pikir etmändigini, puluny nämä harçlajakdygyny heniz bilmeýändigini gürrüň berýär.