Turkmenportal logo
31.10.22
1691116911
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan: Sport» Ýewropa çempionatlaryndan duşuşyklary göni ýaýlymda alyp görkezmegini dowam etdirýär
«Türkmenistan: Sport» Ýewropa çempionatlaryndan duşuşyklary göni ýaýlymda alyp görkezmegini dowam etdirýär

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy gysga wagtlyk tehniki arakesmeden soňra Ýewropanyň öňdebaryjy futbol ligalaryndan duşuşyklary göni ýaýlymda alyp görkezmegini ýene-de dikeltdi.


Ýaýlym geçen hepdede Angliýanyň, Germaniýanyň we Italiýanyň çempionatlaryndan «Lester Siti» ― «Mançester Siti», «Braýton» ― «Çelsi», «Arsenal» ― «Nottingem Forrest», «Mançester Ýunaýted» ― «West Hem», «Inter» ― «Sampdoriýa», «Empoli» ― «Atalanta», «Torino» ― «Milan», «Werder» ― «Gerta» we «Aýntraht» ― «Borussiýa» duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp görkezdi.


Döwlet teleýaýlymynyň öz işine 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda girişendigini ýatladýarys.