Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Koreýanyň Prezidentine gynanç bildirdiler

21:4330.10.2022
0
20873

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola ýurduň Seul şäherinde geçirilen baýramçylyk çärelerinde emele gelen basa-baslyk netijesinde köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatlaryny iberip, çuňňur gynanjyny bildirdiler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň ýolbaşçylary şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň adyndan, şeýle-de hut öz atlaryndan, gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdiler. Ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň