Top.Mail.Ru

Arhiw

Azerbaýjanyň «SOCAR» kompaniýasy OGT ― 2022 sergisine uly gyzyklanma bildirýär

16:0327.10.2022
0
18235

Muny kompaniýanyň prezidenti Rowşan Najafyň iki orunbasary bilen bilelikde Aşgabatda geçirilýän halkara sergä we maslahata gatnaşmagy hem tassyklaýar. Kompaniýanyň merkezi edarasynyň Ylym, tehnika, innowasion tehnologiýalar departamentiniň ylym, bilim bölüminiň başlygynyň orunbasary Emin Alakbarow «Türkmenistan» gazetine beren interwýusynda özleriniň Aşgabatda geçirilýän nebitgaz sergisine ýedinji gezek gatnaşýandyklaryny aýtdy.

«Mälim bolşy ýaly, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halklary doganlyk halklar hasaplanýar. Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurda baştutanlyk eden ýyllarynda Azerbaýjanda birnäçe gezek saparda boldy we şolaryň çäginde geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça özara düşünişmek barada Ähtnamalaryň ençemesine gol çekildi. Häzirki wagtda bolsa şol resminamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin ähli zerur tagallalar edilýär» diýip, myhman pikirlerini paýlaşdy.

Myhmanyň nygtaýşy ýaly, Azerbaýjan hem, Türkmenistan hem nebitdir gazyň ägirt uly gorlaryna eýe. Iki döwletiň umumy bähbitleri bar. Hazar deňzi bolsa ýurtlary baglanyşdyrýan köpri bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda Azerbaýjanda çykarylýan nebitiň 80 göterimi Hazar deňzindäki nebit ýataklarynyň paýyna düşýär. Şoňa görä-de, SOCAR türkmen tarapy bilen Hazar deňzinde bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigine ynanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň