Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazarüsti birleşdiriji gaz geçirijisi boýunça teklip öňe sürüldi

12:2827.10.2022
0
40032

Halkara maslahatyň «Türkmenistanyň energetika toplumy: Hazar deňziniň nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek üçin täze maýa goýum mümkinçilikleri» ady bilen geçirilen ilkinji umumy mejlisinde «Trans Caspian Resources, Inc» kompaniýasynyň geňeşçi komitetiniň direktory Natali Kostello Hazardaky bar bolan mümkinçilikler arkaly Türkmenistandan Azerbaýjana gaz akdyrmagy ýola goýmak üçin uzynlygy 78 kilometrlik Hazarüsti birleşdiriji gaz geçirijisiň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça teklibi öňe sürdi.​ Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Kostello bu teklibiň Türkmenistanda we Azerbaýjanda bar bolan deňiz infrastrukturalaryň üsti bilen tebigy gazy isleg bildirýän ýurtlara ibermekden ybaratdygyny nygtaýar.

Kuwwaty 10-12 milliard kub metre deň bolan bu gaz geçiriji türkmen gazyny Günorta gaz geçirijisi bilen birleşdirer.

«Amerikaly oýlap tapyjy Tomas Edison bir gezek: «Bir ideýanyň gymmaty ony ulanmagy başarmakda» diýipdir. Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasy soňky iki onýyllygyň dowamynda aýry-aýry kompaniýalar tarapyndan öwrenildi. Indi bu pikiri ulanmagyň we durmuşa geçirmegiň wagty geldi» diýip, Natali Kostello sözüniň üstüni ýetirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň