Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly sebitiň daşary gatnaşyklar ministri bilen duşuşdy

11:2326.10.2022
0
29586

Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek, Türkmebaşy we Olýa portlarynyň arasynda gämi gatnaw ugurlaryny açmak, söwdanyň mukdaryny ýokarlandyrmak, gämi gurluşygy pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň beýleki meseleleri Türkmenistanyň Astrahan şäherindäki konsuly Nury Gollyýew bilen sebitiň daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow bilen duşuşygyň özenini düzdi. Bu barada Astrahan sebitiniň Daşary gatnaşyklar ministrliginiň resmi web saýty habar berdi.

Wladimir Golowkow Astrahan sebiti bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýene-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Taraplar taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işler barada jikme-jik pikir alyşdylar.

«Bu taslama (logistika merkezi) Astrahan sebitiniň we Türkmenistanyň Hökümetleriniň arasynda söwda, ykdysady, ylmy, tehniki we medeni hyzmatdaşlyk barada 2008-nji ýylda baglaşylan Ylalaşyga esaslanýar. Şeýle hem, şäherara derejesinde gatnaşyklary işjeň ösdürýäris» diýip, sebitiň daşary gatnaşyklar ministri aýtdy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa eden ilkinji resmi saparynyň çäginde Astrahan sebitiniň hökümeti bilen Balkan welaýatynyň häkimligi tarapyndan Astrahan we Türkmenbaşy şäheriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky şertnama gol çekildi.

Ministriň sözlerine görä, Astrahan portunyň ýörite ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkeziniň açylmagy özara söwdanyň ösmegine goşant goşar.

«Şu ýylyň dekabrynda Moskwada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisi geçiriler. Onda, ýurduňyzyň wekilleri bilen söwda we ykdysady gatnaşyklarymyzyň ösmegine goşant goşjak resminamalara gol çekmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys» diýip, ministr aýtdy.

Duşuşykda Olýa we Türkmenbaşy portlarynyň arasynda yzygiderli ýük daşamak ugurlaryny guramak, gämi gurluşygy pudagyndaky hyzmatdaşlyk, şol sanda Türkmenistanyň gämi gurluşyk kärhanalary üçin hünärmenleri taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, söhbetdeşlikde Astrahan bilen Türkmenbaşynyň arasynda howa aragatnaşygynyň açylmagy, bilim, medeniýet we syýahatçylyk ugurlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegi barada durlup geçdi.

«Ýakynda Astanada geçirilen Merkezi Aziýa ― Russiýa sammitinde biziň Prezidentimiz hormatly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Astrahan sebiti bilen hyzmatdaşlygyň ösmegine möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy. Demirgazyk ― Günorta ulag geçelgesiniň işini güýçlendirmek üçin tagallalary jemlemegiň zerurdygy we Türkmenistanyň Pars aýlagyna, Eýran portlaryna we ol ýerden Hindistana iň gysga ýoly üpjün edýän ýurt hökmünde hemişe hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy» diýip, konsul Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň tekliplerini ýene bir gezek ýatlatdy.

Türkmenistanyň täze konsuly sebitiň durmuşy bilen tanyşmak üçin hökümet ministrleri, öňdebaryjy kärhanalaryň we uniwersitetleriň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirmek meýilleriniň hem bardygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň