Turkmenportal logo
26.10.22
1390313903
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda uçar gatnawyny ýola goýmak boýunça şertnama güýje girdi

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda ilkinji gezek göni uçar gatnawy ýola goýlar.


Ýurduň Parlamenti şu ýylyň 20-nji iýulynda Gruziýa bilen Türkmenistanyň Hökümetleriniň arasynda ýurtlaryň arasynda göni uçuşlaryň başlamagyna mümkinçilik berýän «Howa aragatnaşygy barada» şertnamany tassyklady.


Tassyklanan şertnama güýje girdi. Resminama laýyklykda, Gruziýa we Türkmenistan birek-biregiň howa giňişliginde uçuşlary amala aşyrmak, şeýle hem şertnama baglaşýan ýurduň çäginde ýolagçylary we ýükleri daşamak hukugyny aldylar.


Iki ýurduň awiakompaniýalary birek-birekde petek satuw ofislerini açmak we petek satmak hukugyna eýe. Täze gatnaw ýakyn geljekde ýola goýlar.