Hytaýyň Gümrük gullugynyň habaryna görä, Türkmenistan şu ýylyň başyndan bäri Hytaýa tebigy gaz ibermekde birinji bolmagynda galýar. Sanawda ikinji orunda bolsa, Awstraliýadan (turbageçiriji we suwuklandyrylan görnüşdäki umumy gaz üpjünçiligi nukdaýnazaryndan) öňe geçen Russiýa ýerleşdi.
Türkmenistan awgust aýynda Hytaýa 2,9 milliard kub metr gaz iberdi. Russiýa 2,4 milliard kub metr gaz eksport etdi, onuň 1 milliard kub metrden gowragyny suwuklandyrylan görnüşinde iberdi. Üçünji orunda ýerleşýän Awstraliýa bolsa Hytaýa 2,278 milliard kub metr tebigy gaz ugratdy.
Umuman alanyňda, 2022-nji ýylyň awgust aýynda Hytaý 13,196 milliard kub metr (– 4%), şol sanda 5,528 milliard kub metr turbageçirijiler arkaly (+ 10%) gaz satyn aldy. Munuň özi gaz üpjünçiliginiň taryhynda iň ýokary görkeziji bolup, onuň 7,668 milliard kub metri (5,897 million tonna) suwuklandyrylan görnüşindedir.