Türkmenistanyň Prezidenti gazak kärdeşini Respublika güni bilen gutlady

09:5125.10.2022
0
25392

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe hem-de ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada şu günki «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda özygtyýarly ösüş ýyllarynda Gazagystanyň döwlet esaslaryny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazanandygyny nygtap, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň oňyn we strategik häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

«Men ýaňy-ýakynda Gazagystana amala aşyran döwlet saparymy aýratyn ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Bu sapar biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek, iki ýurduň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak ýolunda möhüm tapgyr boldy» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda nygtady we gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de gyşarnyksyz ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, gazak kärdeşi Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglygyny, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlik, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň