Turkmenportal logo
24.10.22
2162721627
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Rişi Sunak Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesine dalaş etmekçi
Rişi Sunak Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesine dalaş etmekçi
Surat: smartpress.by

Beýik Britaniýanyň öňki maliýe ministri Rişi Sunak ýurduň Konserwatorlar partiýasynyň başlyklygyna hem-de Premýer-ministri wezipesine saýlawlara gatnaşmakçy. Bu barada TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Aif» gazeti ýazýar.


Sunak özüniň ýokary döwlet wezipesine dalaş edýändiginiň sebäbini ýurduň çuň krizisi başdan geçirýändigi bilen baglanyşdyryp: «Men biziň ykdysadyýetimizi düzetmek, partiýamyzy birleşdirmek we ýurdumyz üçin üstünlik gazanmak isleýärin» diýdi.


Şeýle-de Britaniýanyň «Sky News» teleýaýlymy ýurduň öňki Premýer-ministri Boris Jonsonyň saýlawlara gatnaşmak üçin zerur bolan konserwatorlaryň 100-siniň goldawyny alandygyny habar berdi.


20-nji oktýabrda Beýik Britaniýanyň hökümet başlygy Liz Trass özüniň iş başyndan gidýändigini mälim edipdi, ol bu wezipesinde 44 gün işledi.