Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «TIR-EPD» ulgamy «ASYCUDA World» awtomatlaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy bilen utgaşdyryldy

13:1023.10.2022
0
42266

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «TIR-EPD» ulgamyny «ASYCUDA World» awtomatlaşdyrylan gümrük maglumatlary ulgamy bilen birleşdirdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web sahypasy habar berdi.

Carnet TIR (MDP depderçesi) astynda daşalýan harytlaryň deslapky elektron deklarasiýasynyň TIR-Electronic-Pre-Declaration ulgamy Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň teklibi bilen Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi (IRU) tarapyndan işlenip düzüldi.

«TIR-EPD» tehnologiýasy IRU bilen gümrük edarasynyň arasyndaky proseduralar barada elektron maglumatlary awtomatik alyş-çalyş etmek üçin uly bolmadyk programma modulynyň «ASYCUDA World» awtomatlaşdyrylan gümrük maglumat ulgamyna ygtybarly integrasiýasydyr. Ol ýük daşaýja öz ýüki barada baryljak ähli ýurtlaryň gümrük gulluklarynyň elektron maglumat ulgamyna awtomatiki usulda girýän doly maglumatlary öňünden girizmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanda Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) goldawy bilen 2020-nji ýylyň iýul aýynda IT gurallaryny ornaşdyrmak boýunça işlere badalga berildi. «TIR-EPD» — halkara ýol ulaglary proseduralaryny kompýuterleşdirmekde möhüm ädimdir.

«TIR-EPD» eýýäm 32 ýurtda işleýär: Awstriýa, Azerbaýjan, Owganystan, Belarus, Belgiýa, Bolgariýa, Bosniýa we Gersegowina, Wengriýa, Germaniýa, Gresiýa, Gruziýa, Ysraýyl, Hindistan, Eýran, Italiýa, Gazagystan, Katar, Gyrgyzystan, Hytaý, Latwiýa, Litwa, Moldowa, Mongoliýa, BAE, Oman, Pakistan, Polşa, Russiýa, Rumyniýa, Saud Arabystany, Demirgazyk Makedoniýa, Serbiýa, Slowakiýa, Sloweniýa, Täjigistan, Türkiýe, Özbegistan, Ukraina, Finlýandiýa, Fransiýa, Horwatiýa, Çehiýa we Estoniýa. Bu ýyl bu elektron ulgamy ulanyjylaryň hataryna Türkmenistan hem goşuldy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň