Türkmenistanda Halkara gümrük üstaşyr ulgamy boýunça daşalýan harytlar barada gümrük edaralaryna deslapky maglumatlary bermek üçin, TIR-EPD programmasy işe girizildi. Bu barada Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi (IRU) habar berýär.
Döwlet gümrük gullugy TIR-EPD programmasynyň Türkmenistanyň gümrük talaplaryna doly laýyk gelýändigini tassyklady. Häzirki wagtda ondan alnan maglumatlar bäş gümrük nokadynda kabul edilýär:
- «Artyk» gümrük nokady (Eýran bilen serhetde);
- «Parom geçelgesi» gümrük nokady (Türkmenbaşy Halkara deňiz porty);
- «Farap awtoýollary» gümrük nokady (Özbegistan bilen serhetde);
- «Sarahs awtoýollary» gümrük nokady (Eýran bilen serhetde);
- «Garabogaz» gümrük nokady (Gazagystan bilen serhetde).
Şu ýylyň oktýabr aýynyň ahyryna çenli TIR-EPD programmasynyň Türkmenistanyň ähli gümrük nokatlarynda ornaşdyrylmagyna garaşylýar. 2023-nji ýyldan başlap bolsa, Türkmenistanda serhetden geçirilýän ýük baradaky deslapky maglumaty bermek hökmany bolar. Şol sebäpli Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi (IRU) halkara ýük gatnadyjylaryna bu üýtgeşmelere taýyn bolmak we gümrük taýdan resmileşdirmegi çaltlaşdyrmak üçin indi TIR-EPD programmasyny ulanyp başlamagy maslahat berýär.
Ýeri gelende bellesek, IRU Türkmenistanda IT gurallaryny ornaşdyrmak işine 2020-nji ýylyň iýul aýynda başlady.
TIR-EPD — bu kepillendirilen birikme arkaly baglanan we Halkara gümrük üstaşyr ulgamyny ulanmaga ygtyýary bolan kompaniýalara baryljak ähli ýurtlaryň gümrük edaralaryna ulag baradaky deslapky maglumaty elektron görnüşde şol bir wagtyň özünde ibermäge mümkinçilik berýän programmadyr. Onuň ulanylmagy MDP kitapçasynyň hakykylygyny, dogrulygyny kepillendirýär, şeýle hem serhetden geçmäni ýönekeýleşdirýär we gümrük taýdan resmileşdiriş wagtyny tygşytlaýar.