Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mozambik oktýabrda Ýewropa suwuklandyrylan gaz eltmekçi

10:2922.10.2022
0
13970
Mozambik oktýabrda Ýewropa suwuklandyrylan gaz eltmekçi
Surat: bbc.com

Mozambik Ýewropa şu aýyň aýagynda - noýabryň başynda suwuklandyrylan gazyň (STG) ilkinji tapgyryny ýerlemekçi. Bu barada düýn — annada «Reuters» habarlar gullugy Mozambigiň Milli nebit institutynyň beýanatyna salgylanyp habar berdi diýip, «Trend» ýazýar.

«British Petroleum» (BP) energetika kompaniýasynyň suwuklandyrylan gaz daşaýjy tankeri Mozambigiň Hindi ummanynyň demirgazyk kenarýakasyndaky «Coral Sul» ýüzýän meýdançasyna bardy, bu ýerde gazyň çykarylyşy we suwuklandyrylmasy amala aşyrylýar. BP ady tutulan meýdançada STG-niň ýyllyk öndürilýän 3,4 million tonnasyny satyn almak babatda geleşik baglaşdy.

STG-nyň önümçiligi bu ýurduň demirgazygyndaky Rowum etrabynda amala aşyrylýar, etrap Hindi ummanyň Afrika ýalpaklygyndaky iri gaz ýatagydyr. Gazy çykarmak, suwuklandyrmak we eksporta taýyn etmek boýunça taslama 20 milliard dollar bahalanýar we ol Mozambigiň ykdysadyýeti üçin bähbitli bolar diýlip garaşylýar.

Bütindünýä Bankynyň çaklamalaryna görä, Mozambigiň ykdysady ösüşi 2022-2024-nji ýyllarda 5,7 göterime ýetip biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň