«Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşigi yglan edildi

22:2420.10.2022
0
26259

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de pudaklary ösdürmek bilen bagly käbir resminamalaryň taslamalaryna seredilip, degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa döwlet Baştutanynyň garamagyna Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky Kararyň taslamasyny hödürledi.

Bellenilişi ýaly, bäsleşigi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli, 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlemek göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurtda her ýyl geçirilýän bu döredijilik bäsleşiginiň ähmiýetini belläp, oňa hödürlenilýän işleri seçip almaga jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şol işleriň derwaýyslygy we çeperçilik taýdan gymmatlygy bilen tapawutlanmalydygy, türkmen döwletiniň hem-de jemgyýetiniň häzirki ösüşini beýan etmelidigi, ýaşlaryň watançylyk we estetik terbiýesine ýardam bermelidigi bellenildi.

Döwlet Baştutany degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de resminamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Degişli Karara laýyklykda, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrunda yglan edilen bäsleşige höwes bildirýän daşary ýurt raýatlary hem gatnaşyp bilerler.

Bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler.

Şeýle-de bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem-de dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana bagşy!» bäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda bolsa «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi yglan edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigi yglan etmek hakyndaky degişli Karary «Edebiýat we sungat» gazetinde dolulygyna çap ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň