Oktýabr aýynda Russiýanyň Orýol sebitinden ilkinji gezek Türkmenistana ýeralma eksport edildi. Bu barada «Rosselhoznadzoryň» resmi web sahypasynda habar berildi.
Eksport «Rosselhoznadzoryň» Orýol we Kursk sebitleri boýunça müdirliginiň degişli işgärleriniň gözegçiligi astynda amala aşyryldy. Ýeralmalar 7 tapgyrda ugradylyp, olaryň umumy agramy 140 tonna barabardyr.
Bellenilişi ýaly, iberilmezinden öňki gözegçiligiň netijelerine görä, ähli önümler import edýän ýurt tarapyndan kesgitlenen talaplara laýyk getirildi. Eksport edilen ýeralmanyň fitosanitar ýagdaýy «Rosselhoznadzoryň» degişli merkezi tarapyndan tassyklanyldy. Şeýle-de eksport edilen önümiň ähli tapgyrlaryna fitosanitar şahadatnamalary berildi.