TÝL ― 2022: «Altyn asyr» öz meýdanynda «Energetigi» ýeňdi

23:5719.10.2022
0
11731

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 15-nji tapgyrynyň çäginde Aşgabatda geçirilen duşuşykda «Altyn asyr» «Energetigi» 2:1 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykda ýeňiji toparyň gollaryny 30-njy minutda Altymyrat Annadurdyýew, 75-nji minutda Begmyrat Baýow geçirdi. Myhmanlaryň ýeke-täk pökgüsini bolsa ýarym goragçy Serdar Annamämmedow adyna ýazdyrdy.

«Altyn asyr» 15 duşyşykda toplan 34 utugy bilen ýaryş tertibinde ikinji orny eýeleýär. Ýedinji orundaky «Energetigiň» bolsa 9 utugy bar.

Indiki tapgyrda 22-nji oktýabr güni «Energetik» «Merwi» kabul eder. 23-nji oktýabrda bolsa «Altyn asyr» bilen «Ahalyň» arasynda Türkmenistan derbisi geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň