Turkmenportal logo
17.10.22
1277712777
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda ýapon medeniýetiniň günleri geçirildi
Aşgabatda ýapon medeniýetiniň günleri geçirildi

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Ýaponiýanyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda türkmen-ýapon diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýapon medeniýetiniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.


Iki gün dowam eden dabaranyň ilkinji güni paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin «Aşgabat» kinotetrynda ýapon filmleriniň görkezilişi boldy. Bu ýerde myhmanlar «Batyr kaka ulgamda: Final Fantasy XIV hakynda taryhymyz» bilen «Şu tomsuň filmi» ýaly filmlere tomaşa etdiler.



Dabaralaryň ikinji güni Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Bu ýerde ýapon medeniýetinden söz açýan milli tagamlar suşidir sado çaýynyň, ýapon lybasly bolan kinomolaryň, şeýle-de origami sungatynyň, ýapon tehnologiýalarynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Ýaponiýadan gelen sungat işgärleri Matsumoto Baýşonyň, Matsumoto Ýoşikanyň hem-de Uýeda Çihonyň ýerine ýetirmeginde ýapon halk aýdymdyr sazlary ýerine ýetirildi.