TÝL ― 2022: «Ahal» «Aşgabady» uly hasap bilen ýeňdi

20:0815.10.2022
0
28953

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 14-nji tapgyrynyň soňky oýun gününde ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Ahal» topary paýtagtyň «Aşgabady» bilen duşuşdy.

«Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşyk 4:0 hasabynda «Ahalyň» peýdasyna tamamlandy.

Şeýlelikde, gazanan bu ýeňşinden soň utugyny 38-e ýetiren «Ahal» ikinji orun bilen aratapawudyny 7 utuga çenli artdyrdy.

Ýaryş tertibinde ikinji, üçünji orunlary degişlilikde «Altyn asyr» (31 utuk) hem-de «Köpetdag» (24 utuk) toparlary eýeleýärler.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 15-nji tapgyrynyň duşuşyklary 18-nji hem-de 19-njy oktýabrda geçiriler: «Köpetdag» – «Merw», «Altyn asyr» – «Energetik», «Ahal» – «Nebitçi», «Şagadam» – «Aşgabat».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň