Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryndaky duşuşyklaryna «Rapidiň» hüjümçisi gatnaşdy

15:3415.10.2022
0
27408

Buharestiň «Rapid» futbol toparynyň wekili Adrian Ilýas Alekseý Ebersbah ýetginjekler ýygyndylarynda çykyş etmekde Türkmenistanyň ýygyndysyny saýlap aldy. Ýakynda ol Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysynyň hatarynda Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyrynda dört duşuşyk geçirtdi. Bu barada rumyn toparynyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşyklaryň şu aýda Iordaniýada bolup geçendigini ýatladýarys. Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy Filippinleri 2:0 hasabynda utanyndan soň Siriýa bilen 1:1, Iordaniýa bilen 3:3 hasabynda deňme-deň oýnady. Türkmen futbolçylary ýaryşda diňe Ýaponiýadan (0:7) asgyn geldiler. 16 ýaşly hüjümçi Ebersbah türkmen ýygyndysynyň ähli duşuşyklaryna gatnaşdy.

Ebersbah Kiprde doguldy. Ol futbol ýoluna Müsürde başlap, Kairiň uly bolmadyk toparynda futbol oýnady. Soňra ol Abu-Dabide we Fransiýada «Pari sen-Žermeniň» akademiýasynda türgenleşdi.

Ebersbah heniz 13 ýaşynda wagty Türkmenistana gelip, «Altyn täç» toparyna goşulypdy.

14 ýaşynda Rumyniýa giden futbolçy häzir «Rapidiň» ýetginjekler toparynyň wekilidir. Bu ýerde oňa Oktawian Çihaia tälim berýär.

Ebersbah rumyn toparynda merkezi hüjümde oýnaýar. «Rapidiň» «Stýaua» we «Dinamo» ýaly Rumyniýanyň iň meşhur toparlarynyň biridigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň