Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Awstriýanyň saýlanan Federal Prezidentini gutlady

21:4511.10.2022
0
20032
Serdar Berdimuhamedow Awstriýanyň saýlanan Federal Prezidentini gutlady
Surat: ria.ru

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Aleksandr Wan der Bellene Awstriýa Respublikasynyň federal Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň iki halkyň abadançylygyna uly goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany Prezident Aleksandr Wan der Bellene tüýs ýürekden berk jan saglygyny, bagtyýarlygy we ähli başlangyçlarynda üstünlikleri, Awstriýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň