Turkmenportal logo
10.10.22
1275012750
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda sungat ussatlarynyň konserti geçirildi
Aşgabatda sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Garaşsyzlyk seýilgähindäki “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde sungat ussatlarynyň uly konserti geçirildi.



Bu dabaraly konserte köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly ýöriteleşdirilen forumyň gatnaşyjylary, şeýle-de paýtagtyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.



Konsertiň meýilnamasyna laýyklykda, tomaşaçylar halk we häzirki zaman aýdymlaryny diňlediler we milli tanslara tomaşa etdiler. Bu barada TDH habar berýär.