Soňky habarlar

Arhiw

Ermenistanyň Türkmenistandaky ilçisi döwletleriň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň has güýçlendiriljekdigine umyt bildirilýär

15:5610.10.2022
0
13692

Düýn — 9-njy oktýabrda Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Geçen taryhy döwürde döwletara gatnaşyklarda we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda gazanylan üstünlikler barada «Türkmenistan» gazetiniň habarçysynyň sowallaryna Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruben HARAZÝAN jogap berdi:

— Ermeni we türkmen halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň uzyn taryhy bar. Garaşsyzlykdan soňky 30 ýylyň içinde ol hil taýdan täze derejä — döwletara gatnaşyklar derejesine göterilip, özara hormat goýmak we ynanyşmak esasynda işjeň ösmegini dowam edýär. 30 ýyllyk ýoly geçip, bilelikdäki tagallalar arkaly bize dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine ýetmek, ýurtlarymyzyň arasyndaky ynanyşmagy hem-de düşünişmegi berkitmek başartdy. Toplanan bu gymmatly tejribe döwletara gatnaşyklarydyr netijeli özara hereketleri mundan beýläk-de ilerletmek üçin täze mümkinçilikleri açýar ― diýip, ilçi belleýär.

Ilçiniň nygtaýşy ýaly, Ermenistan milli bähbitleri hormatlamak esasynda ýokary we iň ýokary derejedäki aragatnaşyklary, ýurtlaryň halkara giňişlikdäki bilelikdäki hereketlerini goldap, Türkmenistan bilen oňyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Ermenistan Türkmenistanyň sebitdäki deňagramly syýasatyna hem-de Ermenistan üçin wajyp orny eýeleýän meseleler boýunça deňeçer garaýşyna ýokary baha berýär.

― Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm bölekleriniň biri hasaplanýar. 2009-njy ýyldan bäri Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara ermeni-türkmen toparynyň mejlisleriniň 9-sy geçirilip, olarda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda ermeni-türkmen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi. Ýakynda, has anygy, 13-nji sentýabrda Aşgabatda bu toparyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Biz onuň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açmaga goşmaça itergi berjekdigine ynanýarys― diýip, ilçi söhbetdeşlikde anyk maglumatlara salgylandy.

Bellenilişi ýaly, soňky iki ýyldan bäri ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberi artýar. Ermenistan Respublikasynyň Milli statistika gullugynyň maglumatlaryna görä, ermeni-türkmen haryt dolanyşygy 2021-nji ýylda 14,2 million amerikan dollaryna (2020-nji ýylda — 4,9 million) barabar boldy. Geçen ýylda Ermenistandan eksportyň möçberi ABŞ-nyň 8,1 million dollaryna, harytlaryň gelip çykýan ýurdy boýunça importyň möçberi 6,1 million amerikan dollaryna, iberilýän ýurt boýunça bolsa 3,4 million amerikan dollaryna ýetdi. Şu ýylyň ilkinji 7 aýynda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberi ABŞ-nyň 10,1 million dollaryna barabar boldy. Şunda pandemiýa zerarly söwda-ykdysady gatnaşyklarda emele gelen işjeň däl ýagdaýdan köp babatda baş alyp çykylandygyny ynamly aýtmak bolar.

― Ikitaraplaýyn söwdany işjeňleşdirmek maksady bilen, soňky iki ýylyň dowamynda Ýerewanda we Aşgabatda söwda öýlerini açmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Ýakyn geljekde degişli ylalaşyga gol çekmek üçin taýýarlyk işleriniň tamamlanjakdygyna ynam bildirýäris. Söwda öýleriniň açylmagy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmäge, Ermenistanda we Türkmenistanda öndürilen önümleriň biziň ýurtlarymyzyň bazarlarynda has giňden ýaýradylmagyna mümkinçilik berer diýip tama edýäris. Şunuň bilen baglylykda, syýahatçylygy ösdürmekde we iki ýurduň haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmakda Aşgabat bilen Ýerewanyň arasyndaky göni howa gatnawlarynyň dikeldilmeginiň aýratyn möhümdigini nygtamak isleýärin.

Ermeni we türkmen halklaryny köpasyrlyk dostluk, umumy medeni we ruhy gymmatlyklar birleşdirýär. Şoňa görä-de, Ermenistan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda medeni-ynsanperwer ulgama uly ähmiýet berýär. Köp ýyllaryň dowamynda iki ýurduň Medeniýet günleri geçirilip, şolaryň soňkusy 2019-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda guralan Ermenistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleridir. Şunda pandemiýa zerarly yza süýşürilen Türkmenistanyň Ermenistandaky Medeniýet günlerini hem ýakyn geljekde geçirip boljakdygyna ynam bildirýäris. Halklarymyzyň öz ýaşaýan çägindäki medeni mirasy goramak hakynda özara alada edýändikleri bizi begendirýär. Türkmenistanyň çäginde ―— Türkmenbaşy şäheriniň merkezinde geçen asyryň başlarynda şäheriň gözel ýerleriniň biri hasaplanan ermeni buthanasynyň binasy ýerleşýär. Şol bir wagtyň özünde Ýerewanyň golaýyndaky Argawand obasynda Ermenistanda-da, Türkmenistanda-da hemmelere belli bolan Garagoýunly döwletiniň emirleriniň aramgähi ýerleşýär. Açyk asmanyň astyndaky bu ýadygärlik we muzeý biziň halklarymyzyň köpasyrlyk dostlugynyň nyşanydyr. Şu ýylyň fewralynda iki ýurduň jogapkär edaralarynyň arasynda Türkmenbaşydaky ermeni buthanasynyň we Argawanddaky türkmen emirleriniň aramgähiniň gümmezlerinde dikeldiş işlerine başlamagyň mümkinçiliklerine garamak boýunça onlaýn görnüşli iş duşuşygynyň geçirilendigini bellemek gerek.

Şu ýyl Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ermeni dilindäki neşiri çapdan çykdy. Munuň özi ermeni-türkmen dostlukly gatnaşyklarynda möhüm waka bolup, türkmen halkynyň Arkadagynyň köpýyllyk döwlet we ylmy işine çuňňur hormatyň nyşanyna öwrüldi. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň ermeni dilindäki neşiriniň ermeni okyjylaryna türkmen halkynyň taryhy, medeni hem-de ruhy dünýäsi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berip, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň has-da berkemegine ýardam etjekdigini ynamly aýtmak bolar. Ermeni-türkmen medeni hyzmatdaşlygynyň halklarymyzyň arasynda täze dostluk köprülerini çekip, mundan beýläk-de berkejekdigine we ösjekdigine ynanýaryn.

Ýeri gelende bellesek, 8-nji oktýabrda Ermenistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýurduň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde meşhur ermeni kompozitory Arno Babajanýanyň eserleriniň konsertini gurady. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmegindäki bu konsert Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Mukamlar köşgündäki aýdym-saz agşamynda simfoniki orkestr, şeýle-de tanymal türkmen sungat ussatlary Arno Babajanýanyň muşdaklaryna onuň meşhur eserlerini hödürlediler.

Sözümiň ahyrynda geçen 30 ýylyň dowamynda dostluk, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ermeni-türkmen döwletara gatnaşyklarynyň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilendigini we çuňlaşdyrylandygyny aýtmak isleýärin. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy hyzmatdaşlyk ýyl-ýyldan berkeýär, söwda-ykdysady ulgamda, medeni-ynsanperwer ugurly gatnaşyklarda görkezijiler gowulanýar, halkara hem-de sebit meselelerinde ýygjam özara gatnaşyklar goldanylýar. Bilelikdäki tagallalar arkaly halklarymyzyň bähbidine iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli ösüşini gazanjakdygymyza ynanýaryn. Ermenistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy hem, öz gezeginde, şu maksada ýetmek üçin tagallalaryny gaýgyrmaz ― diýip, ilçi sözüni soňlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň