Bu ýyl Russiýa Federasiýasynda dänäniň rekord derejede hasylyna garaşýarlar, ol 150 million tonna deň bolup, 100 million tonnasy bugdaý bolar. Ýurduň Oba hojalyk ministrliginiň maglumatlaryna görä, şu ýyl ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň, şeýle-de miweleriňdir ir-iýmişleriň hem bereketli hasylyna garaşylýar diýip, «MIR 24» habar berýär.
Ýerli kombaýnçylar gowy hasylyň yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýandygyny gürrüň berýärler. Mysal üçin, Zähmet Gahrymany, kombaýnçy Wasiliý Wasilýew bu ýylyň gurak gelendigine seretmezden, Rostow oblastynda günebakaryň gowy hasyl getirendigini gürrüň berýär we 6 müň gektaryň hersinden 21 sentnere çenli hasyl ýygnajakdyklaryny ynam bilen aýdýar.
«Hasylyň öz elleriň bilen ýetişdirilendigi hoş ýakýar. Esasy zat bolsa, halky doýurýandygyna düşünýärsiň, bu bolsa yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar» diýip, Wasiliý Wasilýewiç gürrüňinde nygtaýar.
Ol eýýäm ýarym asyr bäri oba hojalygynda işläp gelýär, kolhoza mekdebi tamamlan dessine gelip, kombaýnyň ruluna geçdi.
«Häzir tehnika seýrek hatardan çykýar, öňler her gün döwlüp, ezýet baryny bererdi, häzir oňat-la» diýip, ol gownühoş aýdýar.
Häzirki zaman rus kombaýnlary daşary ýurtlaryňkydan pesläp ýaly däl, ses geçirmeýär, ýyladyjysy bar, hatda bort kompýuteri-de saz işläp dur, ol nämedir bir zat iňkis döredýärmi, mähetdel etmän, sürüjä duýdurýar.
Russiýada oba hojalyga döwrebap çemeleşmeler eýýäm özüni bildirýär, bu ýyl ýurtda günebakaryň 18 million tonna hasylyna garaşýarlar.
Däne-de 150 million hasyl getirer, onuňam 100 million tonnasy bugdaý. Bu ýurduň içki zerurlyklaryny doly ödär, eksporta-da aňryýany bilen ýeter.
Krasnodar ülkesiniň Slawýan raýonynda tüwiniň bol hasylyna buýsanýarlar. Bu ýul ol iki esse artdy.
Kubanda bütin rus şalysynyň 80 göterimini öndürýärler. Ýokary hasyl almak üçin oba hojalykçylar tohumy eserdeňlik bilen saýlaýarlar. Kuban topraklarynda olar tutuşlygyna ýerli tohumlar, özem sortlaryň köp bölegi ýerli seçgiçileriň döredenleridir.

