Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XIV jildi çapdan çykdy

13:5510.10.2022
0
38058
Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XIV jildi çapdan çykdy
Surat: Türkmenmetbugat

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp ýyllyk ylmy-ensiklopedik işi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli eseriniň XIV jildi çapdan çykdy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün geçirilen giňişleýin mejlisinde habar berildi diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri ýazýar.

Bellenilişi ýaly, kitabyň täze jildinde hem türkmen topragynda ösýän 118 sany dermanlyk ösümlikleri barada doly we düýpli maglumatlar berilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow kitabynyň girişinde türkmen topragyndaky ösýän 2000-den gowrak dermanlyk ösümlikleriniň halk lukmançylygynda ulanylýandygyny, olaryň 500-den köpräginiň Türkmenistanyň florasynyň endemikleri hasaplanylýandygyny belleýär. Şonuň üçin Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däplerini göz öňünde tutup, olary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge hut mynasyp diýip hasaplaýandygy baradaky pikirini öňe sürýär.

Täze kitap «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň XIV jildiniň çapdan çykmagy giňden bellenilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde ulgamyň işgärleri üçin baýramçylyk sowgady boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň