Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Gazagystan ilkinji gezek Hazar deňzindäki döwlet serhetlerini kesgitlärler

01:0408.10.2022
0
20647

Gazagystan Respublikasynyň Parlamenti Türkmenistan — Gazagystan döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we Hazar deňzindäki balyk tutulýan zolaklaryň ýanaşyk böleklerinde çäk çekmek hakynda iki ýurduň arasyndaky degişli Şertnamanyň tassyklanmagyny makullady diýip, «Fergana» maglumat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, goňşy döwletiň daşary işler ministri, Premýer-ministriň orunbasary Muhtar Tleuberdi bu Şertnama 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda iki ýurduň Prezidentleri tarapyndan gol çekilendigini aýtdy.

«Ylalaşyga laýyklykda, taraplar Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwlet serhedini, territorial suwlaryny we balykçylyk zolaklarynyň ýanaşyk ýerlerini kesgitlediler» diýip, M.Tleuberdi belledi. Şeýle hem ol Şertnamanyň ratifisirlenmeginiň we soňrak güýje girmeginiň günorta araçäkde Gazagystan bilen döwlet serhedini kesgitlemek işini tamamlamaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Bu Şertnama kenarýaka döwletleriň arasynda Hazar deňzindäki döwlet serhetlerini kanuny taýdan kesgitleýän taryhda ilkinji resminama bolar diýip, daşary işler ministri sözüniň üstüne goşdy.

Şertnama bilen bagly häzirki döwürde alnyp barylýan işler tamamlanandan soňra, ol Gazagystanyň Senatynyň garamagyna hödürlener.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň bäşinji mejlisiniň barşynda «Türkmen-gazagystan döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we Hazar deňzindäki balyk tutulýan zolaklaryň ýanaşyk böleklerinde çäk çekmek hakynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda», «Türkmen-gazagystan döwlet serhediniň düzgüni hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna taslamalaryna garaldy. 17-nji aprelde bolsa, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde gol çekilen «Türkmen-gazagystan döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we Hazar deňzindäki balyk tutulýan zolaklaryň ýanaşyk böleklerinde çäk çekmek hakynda» Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky Şertnamany tassyklamak hakyndaky resminama gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň