TÝL ― 2022: «Altyn asyr» «Aşgabat» bilen bolan duşuşykda utuk ýitirdi

23:3207.10.2022
0
16613

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 13-nji tapgyrynyň ilkinji duşuşygy geçirilip, onda paýtagtymyzyň «Aşgabat» hem-de «Altyn asyr» toparlary duşuşdy.

«Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşyk 0:0 hasabynda tamamlandy.

Şeýlelikde, geçiren duşuşyklarynda 28 utuk toplan «Altyn asyr» ikinji orny eýelemegini dowam edýär. 10 utugy bolan «Aşgabat» 6-njy orunda ornaşdy.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 13-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary 8-nji oktýabrda geçiriler: «Nebitçi» – «Energetik», «Merw» – «Ahal», «Köpetdag» – «Şagadam».

13-nji tapgyryň duşuşygy:
«Aşgabat»«Altyn Asyr» – 0:0
Duýduryşlar: 35 Bäşim Gurbanberdiýew, 83 Amir Gurbany, 90+5 Baýjan Satlykow – 90+1 Begençmyrat Myradow.
Geçirilen ýeri: «Nusaý» stadiony (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.)
Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: M.Öwezdurdyýew (Mary ş.).

Çempionatyň tablisasy:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

«Ahal» FK

12

10

2

0

40-10

32

2.

«Altyn Asyr» FK

13

8

4

1

20-6

28

3.

«Merw» FK

12

7

1

4

21-15

22

4.

«Köpetdag» FK

12

6

0

6

21-22

18

5.

«Şagadam» FK

12

4

4

4

20-16

16

6.

«Aşgabat» FK

13

3

1

9

12-19

10

7.

«Energetik» FK

12

2

2

8

7-27

8

8.

«Nebitçi» FK

12

2

0

10

14-40

6

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň