Turkmenportal logo
05.10.22
3861238612
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystanda Türkmenistan bilen Hazar deňzi arkaly serhedi kesgitleýän resminama tassyklanyldy
Gazagystanda Türkmenistan bilen Hazar deňzi arkaly serhedi kesgitleýän resminama tassyklanyldy

TASS-yň habaryna görä, şu gün Gazagystanyň Majilisi Türkmenistan bilen Hazar deňzi boýunça türkmen-gazak serhedini we Hazar deňzinde balykçylyk zolaklarynyň ýanaşyk bölümlerini kesgitlemek baradaky şertnamany tassyklady.


Resminama indiki tapgyrda ýurduň Senaty tarapyndan garalar.


Çeşmäniň bellemegine görä, günortada Gazagystanyň döwlet serhedini kesgitlemek işini tamamlajak bu şertnama taryhda kenarýaka döwletleriň arasynda Hazar deňziniň döwlet serhetlerini kanuny taýdan kesgitleýän ilkinji resminama bolar.