Top.Mail.Ru

Arhiw

Lukmançylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi belli boldy

12:3804.10.2022
0
11521
Lukmançylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi belli boldy
Surat: fine-news.ru

Stokgolmda Nobel hepdeligi badalga aldy. Baýragyň Geňeşi fiziologiýa we lukmançylyk ugry boýunça ilkinji ýeňijini mälim etdi. Ol Swante Paabo, alym baýraga «ölüp ýok bolan gominidleriň genomyna we adamyň ösüşine dahylly açyşlary üçin» mynasyp boldy.

Nobel Geňeşiniň wekilleri Swante Paabonyň ölüp tükenen gominidleriň— Denisowyň adamlarynyň barmak süňkünden alnan genetiki maglumatlara esaslanyp, «haýran galdyryjy» açyş edendigini gürrüň berdiler.

Alym şeýle-de bu görnüşden genleriň «Homo sapiense» geçendigini subut etdi, bu genler häzirki günde adam organizmine, şol sanda ýokançlara garşy göreşmekde immun ulgamyna täsir edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň