Turkmenportal logo
01.10.22
1848218482
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Döwlet Maslahatynda goýlan wezipeler bilen bagly kanunçylyk namalary taýýarlanylýar
Türkmenistanda Döwlet Maslahatynda goýlan wezipeler bilen bagly kanunçylyk namalary taýýarlanylýar

Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Döw­let Mas­la­ha­tyn­da öň­de go­ýan we­zi­pe­le­rin­den ugur alyp, kanunçylyk namalarynyň taslamalary taýýarlanylýar. Bu barada Hökümetiň düýn geçirilen mejlisinde Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa döwlet Baştutanyna habar berdi.


Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­miniň Döw­let Mas­la­ha­tyn­da öň­de go­ýan we­zi­pe­le­rin­den ugur alyp, hä­zir­ki wagt­da iş to­par­la­ryn­da ýur­du­my­zyň dur­mu­şy­nyň dür­li ugur­la­ry­na de­giş­li jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­ny düz­gün­leş­dir­mek bo­ýun­ça bir­nä­çe ka­nun tas­la­ma­la­ry taý­ýar­la­nyl­ýar. Döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, he­re­ket ed­ýän ka­nun­la­ryň bir­nä­çe­si­ne üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry gi­riz­mek bo­ýun­ça iş­ler ge­çi­ril­ýär. Döwlet Baştutanynyň bu mas­la­hat­daky çy­ky­şyn­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, ka­nun­çy­lyk ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mä­ge, döw­let sy­ýa­sa­ty­ny wa­gyz et­mek we ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­ny ila­ta dü­şün­dir­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň iler­le­me­gi­ne ýar­dam ed­ýän anyk çä­re­ler iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ýar.


Döw­let Baş­tu­ta­ny­ Ser­dar Berdimuhamedow türk­men jem­gy­ýe­ti­niň hu­kuk esas­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek, jem­gy­ýet­de de­mok­ra­tik däp­le­ri pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň örän mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy.