Wise-premýer Ç.Purçekow Hökümet mejlisinde Döwlet Baştutanyna ekologik taýdan arassa, ykdysady taýdan bähbitli elektrik energiýasyny almak üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini giňden ulanmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak maksady bilen, Energetika ministrligi tarapyndan bu maýa goýum taslamasynyň amala aşyrylyşyna gözegçilik etmek hyzmatyny ýerine ýetirmek üçin maslahatçy kompaniýany saýlap almak boýunça halkara bäsleşik geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna bäsleşikde ýeňiji bolan kompaniýa bilen maslahat bermek hyzmatlaryny amala aşyrmak barada degişli şertnamany baglaşmak hakyndaky teklip hödürlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini işjeň peýdalanmagyň, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň alysda ýerleşen ilatly ýerlerini, barmasy kyn bolan ýerleri elektrik energiýa bilen üpjün etmek üçin ulanmagyň giň mümkinçiliklerine ünsi çekdi. Döwlet Baştutany hödürlenen teklibi makullap, «ýaşyl» energiýany ulanmak boýunça täze taslamalaryň örän zerurdygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti gaýtadan dikeldilýän energiýanyň çeşmeleri bilen bagly ykdysady taýdan bähbitli desgalary gurmagyň göz öňünde tutulan meýilnamalarynyň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine ýardam etjekdigini nygtady we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.