Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär hem-de innowasion tehnologiýalar we öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman senagat kärhanalary gurulýar, hereket edýänleriniň durky täzelenilýär.
Bahalarynyň elýeterliligi we hil taýdan ýokarylygy netijesinde ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli önümlere uly isleg bildirilýär, olaryň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýol hereketini sazlaýjy dürli görnüşli yşyklandyryjylaryň we LED ýol belgileriniň önümçiliklerini ýola goýmak baradaky teklip hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzyň elektron senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de isleg bildirilýän önümleri öndürmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Munuň özi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmaga mümkinçilik berer. Döwlet Baştutany hödürlenen teklibi makullap, ýurdumyzda ýol hereketini sazlaýjy dürli görnüşli yşyklandyryjylaryň we LED ýol belgileriniň öndürilmeginiň wajypdygyny belledi we mundan beýläk-de isleg bildirilýän önümleriň önümçiligini ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.