Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Roza Gül» güller we bezeg ösümlikleri üçin organiki-mineral dökünleriň giň görnüşlerini hödürleýär

09:1601.10.2022
0
19420

Otaglarda we howlularda ýetişdirilýän ösümlikleriň ajaýyp hem-de gür güllemegi üçin olaryň terligine giňden täsir edýän mineral dökünleri ulanmak hökmanydyr. Ösümlikler saralanda ýa-da ýapraklary guranda, şeýle-de olaryň guramagy bilen bagly başga bir ýagdaý ýüze çykan mahalynda olarda zerur bolan elementleriň gerekdigini habar beriji alamatlar döreýär.

Gülleriň we ösümlikleriň ýetişdirilmegine ýöriteleşdirilen «Roza Gül» dükanlarynda mineral hem-de organiki möhüm dökünleriň köpdürli görnüşleri müşderilere ýetirilýär. Olaryň bu köpdürlüliginden özüňize gereklisini saýlamakda bolsa «Roza Gül» dükanynyň floristleri ilkinji nobatda üns bermeli zatlary maslahat berýärler:

  • Mineral dökünler (azotly, kaliýli, fosforly, toplumlaýyn dökünler we kiçi dökünler) düzüminde — kalsiý, magniý, demir, bal, molibden maddalaryny saklaýar we ösümligiň tiz ösmegine, immunitetiň ýokarlanmagyna, kök ulgamynyň ösmegine oňyn täsir edýär. Bu hili dökünler bilen üpjün etmek ýaz we güýz aýlarynda palma, fikus, zamiokulkas we beýleki ýaprakly-bezeglik ösümlikler üçin ulanylýar. Şonuň bilen birlikde hem ösümlikleriň içerki resurslaryny işjeňleşdirýän hem-de gülleýiş döwrüniň möhletini uzaldýan «Kornewin», «Gumat», «Sirkon», «Fitowerm» (zyýankeşler we mör-möjekler üçin) ýaly suwuk biostimulýatorlar hem ulanylyp bilner.
  • Organiki dökünler — (zola, nawoz, pomýot, kompost, peregnoý) bular peýdaly maddalary ýetirmekde ulanylýar, emma olary ulanmazdan ozal, zyýankeşleri düşürmezlik we kesel ýokuşdyrmazlyk üçin sterilleşdirmelidir.

«Roza Gülüň» her bir işe döredijilikli çemeleşýän dizaýnerleri özboluşly kaşpolarda, küýzelerde hem-de dürli gutularda ajaýyp, reňkdar gül toplumlaryny taýýarlap berýärler.

Kaşpolaryň kömegi bilen ofislerde, öýlerde we aýratyn otaglarda gurnalan dynç alyş ýerleri bezelýär.

«Roza Gül» dükanynda kaşpolaryň polda goýulýan, ampel hem-de beýleki maskatlar üçin niýetlenen ýokary hilli görnüşleri bar.

Aşgabatdaky «Roza Gül» dükanlarynyň salgylary:

  • Azady köçesi, 83-nji jaý. Telefon belgileri: (+993 12) 92 47 82;
  • Magtymguly şaýoly, 185-nji jaý. Telefon belgileri: (+993 12) 34 35 55;
  • Görogly köçesi («Syýahat» myhmanhanasy). Telefon belgileri: (+993 12) 34 44 33, (+993 63) 01 01 06;
  • Azady köçesi, 85-nji jaý. Telefon belgileri: (+993 12) 93 27 42 (otag we howly ösümlikleri).

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň