Turkmenportal logo
30.09.22
2327723277
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2022: «Şagadam» «Ahal» bilen bolan oýundan utuk gazandy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyrynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşykda ýerli «Şagadam» «Ahal» futbol toparyny kabul etdi.


1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşykda «Şagadamyň» goluny 32-nji minutda Salim Umarow, «Ahalyňkyny» 48-nji minutda Resul Hojaýew geçirdi.


Şeýlelikde, «Ahal» 2-nji tapgyrdan soň ilkinji gezek utuk ýitirdi. Utugyny 15-e çykaran «Şagadam» bolsa dördünji orundaky «Köpetdag» bilen aralygy 3 utuga çenli ýygyrdy.