Arhiw

«Sada suw» telekeçileri we satyjylary hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar

11:2929.09.2022
0
29715

Gaýtadan dikeldilen tebigy miwe we gök önüm konsentratlaryndan şireli içgileri öndürýän «Sada suw» hojalyk jemgyýeti jemgyýetçilik azyk önümlerini lomaý alýan telekeçileri hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar.

«Sada suw» kärhanasynyň haryt görnüşleriniň hatarynda alma, şetdaly, apelsin, ülje, garpyz, zirk we beýleki miweleriň jemi 17 görnüşiniň bardygyny bellemeli. Miwe şireleri 0,5 hem-de 0,25 litr mukdarynda aýna we PET-gaplara gaplanýar.

Lomaý alyjylara kärhananyň «Elle», «Ilkent», «M5» hem-de «Oba» haryt nyşanly miweli içgileri hödürlenýär. Kärhananyň önümleri kem-kemden ýurduň ähli sebitlerinde meşhurlyga eýe bolup barýar. Bu içgilere ýurduň «Şerbet market», «Paýtagt market», «Şazada market», «Altyn market», «Halk market» hem-de «Kämil market» ýaly görnükli dükan torlarynda hem gabat gelmek bolýar. Häzirki wagtda «Sada suw» içgilerini GDA ýurtlaryna eksport etmek bilen bagly gepleşikler geçirilýär.

«Sada suw» kärhanasynyň önümleriniň ählisi hil standartlaryna laýyk gelýär we iň ter miwe we gök önümlerden öndürilýär.

«Sada suwuň» haryt görnüşleri bilen has giňden tanyşmak we lomaý satyn almak şertleri bilen gyzyklanmak üçin sadasuw84@mail.ru elektron poçta salgysy arkaly, şeýle-de (+993 12) 41 36 33 we (+993 12) 41 37 33 telefon belgileri boýunça habarlaşyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň