Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär

09:4928.09.2022
0
7644

Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. Olaryň arasynda dünýä döwletleriniň ýolbaşçylaryndan gelýän hatlar hem bar. Hatlary iberýänler Prezident Serdar Berdimuhamedowy milli baýram —Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, türkmen döwletiniň Baştutanyna berk jan saglygyny we üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa ösüş, parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärler. Bular şu günki «Türkmenistan» gazetinde beýan edilýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwili, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi, Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Kim Çen Yn, Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas, Owganystanyň Hökümetiniň Başlygy Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahund gutlag hatyny iberdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň