Turkmenportal logo
27.09.22
3129331293
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan ― Özbegistan futzal duşuşygy Täjigistanyň «Warziş» teleýaýlymdan görkeziler
Türkmenistan ― Özbegistan futzal duşuşygy Täjigistanyň «Warziş» teleýaýlymdan görkeziler

Futzal boýunça Aziýanyň kubogy ― 2022-niň Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek açylyş duşuşygy Täjigistanyň «Warziş» telelýalymynda göni ýaýlym arkaly ýetiriler. Bu barada telekompaniýanyň resmi saýty habar berdi.


Göni ýaýlym şu gün Aşgabat wagty bilen 12:50-de başlanar. Bu ýaýlym Türkmenistanda IPTV arkaly hem elýeterlidir.


Şeýle hem şu gün «B» toparçada Bahreýn ― Täjigistan, «A» toparçada Yrak ― Tailand hem-de Kuweýt ― Oman duşuşyklary geçiriler.