«Türkmeniň ak öýi» binasynda baýramçylyk konserti geçirildi

08:0427.09.2022
0
20191

26-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan sungat ussatlarynyň döwlet konserti geçirildi. Bu ýerde guralan dabaralara Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylym we döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Şeýle-de bu dabaralara ýurduň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen daşary ýurtly ýokary derejeli myhmanlar hem-de daşary ýurtly türkmenler — Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahatyna gatnaşyjylar hem gatnaşdylar. Myhmanlar türkmen halkynyň baý hem-de gymmatly milli däp-dessurlaryny, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň ýerine ýetirýän işlerini synladylar, ak öýlere girip gördüler.

Şu günki «Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, baýramçylygyň maksatnamasy däp bolan halk oýun güýmenjelerini we dessurlaryny özünde jemledi, bu bolsa dabara gaýtalanmajak öwüşgin çaýdy hem-de ählumumy şatlyk ýagdaýyny döretdi.

Çagalar milli oýunlarda özleriniň çalasynlyklaryny görkezdiler, ýaşlar belent hiňňilliklerde bat alyp uçdular, uzak bolmadyk ýerde bolsa, ýaş pälwanlar güýç synanyşdylar. El işine çeper gelin-gyzlar gelniň bukja işlerini ýerine ýetirmegiň nusgalaryny taýýarlamakda ussatlyklaryny görkezdiler. Hatar-hatar düýe kerwenleri hem-de bereketli türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen gök-bakja önümleriniň bolçulygy türkmen durmuşynyň aýdyň keşbini emele getirdi. Bugaryp duran gazanlardan taýýarlanylýan milli naharlaryň ýakymly ysy töwerege ýaýrap, şolardan myhmanlara hödür-kerem edildi.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary gadymy küştdepdi tansynyň sazyna utgaşykly hereketleri bilen özboluşly kompozisiýany görkezdiler.

Bu ýerde geçirilen konsert žanrlaryň köpdürlüligi hem-de çykyşlaryň ilkinji gezek hödürlenilýändigi bilen tapawutlandy.

Düýn agşam hem «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada baýramçylyk dabarasy geçirildi. Köp sanly tomaşaçylar üçin uly konsert maksatnamasynda meşhur estrada ýerine ýetirijileri, sazandalar, horeografiýa we etnografiýa toparlary çykyş etdiler.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasy» künjegindäki konsert baýramçylyk günlerinde — 27-28-nji sentýabrda hem dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň