Turkmenportal logo
24.09.22
1846418464
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bagrat Gasanbekow ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatynda bürünç medal eýeledi
Bagrat Gasanbekow ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatynda bürünç medal eýeledi

Türkmenistanly türgen Bagrat Gasanbekow Samarkant şäherinde geçirilýän ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatynda uzynlygyna bökmekde bürünç medalyň eýesi boldy.


19 ýaşly türkmen türgeni ýaryşda 7 metr 60 santimetrlik netije görkezdi. Bu ýaryşda birinji orny 7,73 metrlik netije bilen täjigistanly Ildar Ahmadiýew, ikinji orny bolsa 7,61 santimetr uzaklyga böküp, ýerli türgen Anwar Anwarow eýeledi.


Uzynlygyna bökmek boýunça ýaryşlar dört döwlete wekilçilik eden sekiz türgeniň arasynda geçirildi.


Ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatyna Samarkant şäherinde 24-nji sentýabrda badalga berildi. Onuň çäklerinde ýeňil atletikanyň 41 görnüşi boýunça medallaryň 56 toplumy ugrunda ýaryşlar geçirilýär. Şäher bu ýaryşy taryhynda ilkinji gezek kabul edýär. Ýaryşa gatnaşmak üçin Özbegistana dünýä döwletlerinden 300-den gowrak türgen ýygnandy.