Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda täze kanun taslamalary taýýarlanylýar

09:5424.09.2022
0
22587

Türkmenistanda ýurduň hukuk binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça işler depginli alnyp barylýar. Hususan-da, sirk sungaty, ýerli öz-özüňi dolandyryş we notarial edaralaryň işi bilen baglanyşykly kanun taslamalary taýýarlanylýar. Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi.

Habar berilmegine görä, hukuk namalaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Suw kodeksi, «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanuny ýaly kanunçylyk namalarynyň birnäçesine üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Şeýle hem Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa parlamentarileriň kabul edilýän kanunlaryň manysyny düşündirip, ýurduň ähli ulgamlarda gazanan üstünlikleri barada wagyz-nesihat çärelerini geçirýändiklerini aýtdy.

Döwlet Maslahatynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew hem çykyş edip, milli kanunçylygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan meýilnamalaýyn işler barada habar berdi. Şeýle hem ol Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde hukuk namalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak, döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri geçirýändiklerini belledi.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy.

«Milli Geňeş Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işlere kanunçylyk goldawyny bermelidir» diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň