Soňky habarlar

Arhiw

Russiýada Kazan ― Türkmenabat gatnawynyň biletleri onlaýn satylyp başlandy

02:3720.09.2022
0
37003
Russiýada Kazan ― Türkmenabat gatnawynyň biletleri onlaýn satylyp başlandy

Russiýada Kazan ― Türkmenabat ugry boýunça howa gatnawynyň biletleriniň onlaýn satuwy ýola goýuldy. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Baş agentliigniň «Vkontakte» jemgyýetçilik torundaky resmi topary habar berdi.

Biletleri agentligiň resmi saýtyndan satyn alyp bolar. Häzirki wagtda sentýabr we oktýabr aýyndaky gatnawlar üçin biletler satylýar.

Şu günki maglumatlara görä, Kazandan Türkmenabada uçmak üçin biletiň bahasy 23 997 rus rubluna deň. Biletleri «Мир», VISA ýa-da MasterCard nagt däl töleg ulgamlary bilen satyn alyp bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň