Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda haly gölleriniň täze nusgalary döredildi

16:4419.09.2022
0
20772

«Aba­dan ha­ly» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ha­ly we ha­ly önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­nasynyň iş­çi-hü­när­men­le­ri ýurt Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 31 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li tä­ze gör­nüş­li ha­ly­la­ryň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­du­lar. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berdi.

Ola­ryň ara­syn­da «Pa­zy­ryk nag­şy», «Ker­ki gö­li» ýa­ly göl­ler bar. «Be­şir gö­li» hem-de «Te­ke gö­li» göl­le­ri­ni bir­leş­di­rip, tä­ze ha­ly nus­ga­sy­ dö­redildi. Ol «Bä­şaý» di­ýip at­lan­dyr­yldy. Şeý­le hem çi­tim aý­ra­tyn­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan, tä­ze gör­nüş­li «Pa­ra­hat» ha­lysy­nyň önüm­çi­li­gi­ ýo­la goýuldy.

2016-njy ýyl­da işe gi­ri­zi­len ha­ly fab­ri­gi­niň kuw­wat­lyly­gy ýyl­da mil­li­on­lar­ça ine­dör­dül metr ha­ly we ha­ly önüm­le­ri­ni ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Kär­ha­na­da bir­nä­çe önüm­çi­lik des­ga­sy bo­lup, olar ha­ly doka­ýan, önüm­le­ri taý­ýar gör­nü­şe ge­tir­ýän, çig mal­dan ýüp­lük taý­ýar­la­ýan, şeý­le hem çig mal önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça ha­ly­la­ry do­ka­ýan bö­lüm­ler­den yba­rat­dyr. Bu ýer­de dür­li ha­ly göl­le­ri, nagyş­la­ry sal­nyp do­kal­ýan ha­ly­la­ryň ýüz­ler­çe gör­nü­şi ön­dü­ril­ýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň