Turkmenportal logo
19.09.22
1397013970
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Müsür nebitgaz pudagyna 8 milliard dollar maýa goýar
Surat: trend.az

Müsüriň ykdysadyýetiniň nebitgaz pudagyna öňdäki iki ýylyň dowamynda 8 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýum goýlar. Bu barada ýurduň Nebit we mineral gorlar ministrliginiň resmi wekili Hamid Abdel Aziz beýanat berdi diýip, TASS ýazýar.


Ministrligiň wekiliniň sözlerini ýerli «Sada El Balad» teleýaýlymy getirdi, ol şeýle-de Kairiň häzirki wagtda skwažinalary burawlamak, gözleg-barlag işlerini geçirmek we täze ýataklary gözlemek boýunça maksatnamany çaltlandyrmak babatda iş alyp barýandygyny nygtady.


Hamid Abdel Aziz şeýle-de soňky sekiz ýylda Müsüriň hökümetiniň nebitgaz pudagynda daşary ýurt kompaniýalary bilen umumy bahasy 22 milliard dollara deň bolan geleşikleriň 100-sine gol çekendigini sözüniň üstüne goşdy.